birinjilik

Görkezen hyzmaty, üstünligi boýunça birinji orny eýelemeklik, birinji bolmaklyk.

  • Birinjilik meniň elimden gidip barýardy. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

  • Laçyn geçen ýyl respublikan ýaryşda birinjilik gazanypdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem birinjilik - birinjiligi.