birikmek işlik

[bi:rikmek]

  1. Goşulmak, garylmak, birleşmek.

  2. Biri bilen durmuş gurmak, är-aýal bolmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem birikmek - birigýär, biriger, birigipdir.