birentek

Birnäçe, köp, ençeme.

  • Ol öýe girip, birentek wagtlap çuň pikire batyp oturdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Bu maslahat edebiýatyň ähli žanrlary boýunça ýaş edebiýatçylaryň birentek eserlerini ara alyp maslahatlaşdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem birentek - birentegi.


Duş gelýän formalary
  • birentegi
  • birenteginde
  • birentegine
  • birentegini
  • birenteginiň
  • birentekler
  • birenteklerinde
  • birenteklerine
  • birenteklerini
  • birentekleriniň