bir san

  1. Bir sifriniň ady we onuň mukdary, ýeke.

    • Men bir kem altmyş ýaşadym. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Bir günlük ýola çyksaň, üç günlük azyk al. (nakyl)

    • Bir gören tanyş, iki gören garyndaş. (nakyl)

  2. Nämälimligi, näbelliligi aňladýan kömekçi.

    • Penjiräň öňünde oturyp bir gün, Üç gyz agşamara edýärdi gürrüň. (A. S. Puşkin, Ertekiler)

    • Olar bir beýik tümmege çykyp, daş-töwerege göz aýlaýarlar. («Bahar»)

  3. Ýeke, ýalňyz.

    • Onuň bir özi öýdedi.

  4. seret birlik2

aýagyňy bir ýere depmek

seret aýak

  • Biz öz aýagymyzy bir ýere depip, ýere gat ýer astyndan göwher almaga ymtylýarys. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

bir agzabakmak

seret agyz

bir almany iki bölen ýaly

seret alma

  • Bujagaz çagalaryň iki sanysy edil bir almany iki bölen ýalydy.

bir bada

seret bada 1

bir başa

seret baş1

bir başy, bir dabany degmek

seret baş1

bir çukara tüýkürmek

seret tüýkürmek

  • Hemmesi bir çukura tüýkürişip, şu gün agşam oba şurany ýitirim etmegi maslahat etdiler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Bir çukura tüýkürip-de, Birleşeliň biz barymyz. (B. Kerbabaýew, Poemalar)

bir eýýäm

seret eýýäm

  • Garaňky bir eýýäm düşüpdi. («Mydam Taýýar» gazeti)

bir gez beýgelmek

seret gez

bir gez ýokary galmak

seret gez

bir gözi aýa bakmak, bir gözi şetdaly kakmak

seret göz

bir gysym bolmak

seret gysym

bir haýukdan soň

seret haýuk

bir heňe tutmak

seret heň1

bir meýdan

Esli wagt, ýoňsuz salym.

  • Bir meýdan oýnandan soň, ýene göre girip gitdi. («Görogly» eposy)

bir salym

seret salym

  • Bir salym geçeni ýatlaşaly biz. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

bir sanaç uny artyk iýmek

seret un

bir sanaç ýel alyp gelmek

seret ýel

bir sözli

Sözünden dänmeýän, tutanýerli.

bir tärräk (töwra)

Bir hili, bir tüýsli.

bir ýan ýüzli etmek

seret bir ýüzli etmek

bir ýaňalak bolmak

Ýa eýläk, ýa beýläk bolmak, bellisini etmek.

  • Şol bir ýaňalak bolýança sabyr etmek gerek. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

bir ýüzli etmek

Hemmesini ýerbe-ýer etmek, saýhallaşdyrmak.

  • Işi bir ýüzli etdim.

birinden görmek

Birini bir zatda aýyplamak, bir zadyň (işiň) sebäpkäri diýip hasap etmek.