biperwaý

[bi:perwa:ý]

  1. Hiç zat hakynda alada, ünji etmeýän, durmuşa perwaýsyz garaýan.

    • Sopy nazar saldy suwa biperwaý. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

    • Onýança Selbi hem oslagsyz duşuşygyň ilkinji täsirinden boşap, özüni rastlady, Baýramy biperwaý garşylamaga çalyşdy. (N. Jumaýew, Ak derek)

  2. Geleňsizlik bilen garaýan, geleňsiz.

    • Ol haý-howaýy durmuşa ýugrulan, biperwaý, geleňsiz bar adamdy. (Aýbek, Nowaýy)

    • Biperwaý häsiýetli bolmak.


Duş gelýän formalary
  • biperwaýam
  • biperwaýdy
  • biperwaýdygyny
  • biperwaýlyga
  • biperwaýlygy
  • biperwaýlygyndan
  • biperwaýlygynyň
  • biperwaýlygyň
  • biperwaýlyk
  • biperwaýlykdyr