bimamla

[bi:ma:mla]

Mamla däl, dogry däl, hak däl.

  • Birnäçeleri bolsa ony bimamla hasaplap hüňürdeşdiler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Oňa gysgajyk jogap gaýtaranda, Artygyň sesi-de bimamlaňky ýaly eşidildi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Begenjiň bimamla ýylgyrýan dodaklarynda utanç ýaly bir ýagdaý syzylýar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)