bilmek işlik

  1. Bir zady aňşyrmak, akyl ýetirmek, bir zatdan habarly bolmak.

    • Reýhan arap ahyr bolmajagyny bildi. («Görogly» eposy)

    • Bolmanda-da seniň bu ýerde hemişelik däldigiňi men bilýärin! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Bir zady özleşdirmek.

    • Şahyryň bu dörtlemesini häzir Türkmenleriň köpüsi ýatdan bilýär. («Edebiýat»)

    • Kartany oňly bilemok. Ýöne adyny aýdaýyn. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Syzmak, duýmak.

    • Olar görmek, eşitmek, ys almak, tagamy bilmek we daşky täsirleri duýmak organlaryndan ybaratdyr. (S. K. Karanow, Trahoma we Oňa Garşy Göreş)

  4. Tanamak.

    • Men onuň kimdigini bilmek isleýärin! Sen ony açyk bilýärmiň? (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

  5. Bir işi, wezipäni ýerine ýetirmegi başarmak, oňarmak.

    • Ol özüniň işini bilýär. Bilen bilenin işlär, bilmedik barmagyny dişlär. (nakyl)

    • Bilmeseň, bileniňkä git. (nakyl)

    • Bilene ýagty, bilmedige garaňky. (nakyl)

  6. Kömekçi işlik funksiýasynda ysnyşyp gelýän işlikleri bilen birlikde modallyk görkezýär.

    • Ýüzüp bilmek, alyp bilmek, göterip bilmek, ýazyp bilmek we ş. m.

bilmezlige salmak

Bilmediksirän bolmak, aňmazlyk, etmek.

köp bilen bolmak

seret köp

  • Sen özüňne tabşyrylan zady etmän, köp bilen bolup, şyltak gazanýarsyň. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)