bilim at

  1. Okuw, sowat.

    • Garaşýar ol ýerde saňa, Bilim berjek mugallymlar. (K. Gurbannepesow, Soldatyň Ýüregi)

    • Emma onuň doly orta bilimi ýok. (Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Durma indi, gal ýeriňden, basym bol! Yhlas bilen oka, öwren, bilim al! (B. Kerbabaýew, Poemalar)

    • Bilegi ýogyn birini ýykar, bilimi bolan-müňüni. (nakyl)

  2. Okamak netijesinde belli derejede alynýan ylym.

    • Başlangyç bilim. Ýokary bilim. Orta bilim.