bilen baglaýjy kömekçisi

  1. Ugurdaşlygy görkezýän baglaýjy kömekçi.

    • Gaplaň bilen arslan agzyn ýaglady. (Mollamurt, Saýlanan eserler)

  2. Öz öňündäki söz bilen birlikde bilelikdeligi, instrumentallygy, prosesiň geçişini we ş. m. görkezýän poslelog.

    • Men şu gün ýoldaşym bilen müzeýe gidýärin. Indi pagtany maşyn bilen ýygýarlar. Basymyň ýeriniň üýtgemegi bilen sözleriň manysy hem üýtgäp biler.