bilek

Eliň tirsek bilen goşar aralygy.

  • Bilegimde ýalpyldaýan bilezik, Söýgülimden galypdy meň ýadygär. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  • Patyşa derýanyň gyrasyna bir gazyk kakyp, oňa bir uzyn ýüp dakyp, bir ujuny bilegine baglap, derýa suwa düşüpdir. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)

  • Bilegi ýogyn birini ýykar, bilimi bolan-müňüni. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bilek - bilegi.