bildirmek işlik

  1. Bir zady mälim etmek, habar bermek, birine bir zat hakynda aýtmak.

    • Biz kinodan galmajagymyzy ejemize bildirdik.

  2. Aňlatmak, duýdurmak.

    • Köp nokat sözlemiň-aýdyljak pikiriň gutarylmandygyny bildirmek üçin goýulýar.

  3. Yzy galmak, görnüp durmak, mälim bolmak.

    • Onuň sag dulugynda peşehordanyň yzy bildirýärdi. (A. Gowşudow, Eserler)

minnetdarlyk bildirmek

seret minnetdarlyk

  • Kürt Ahmet minnetdarlyk bildirip, aganyň şol hormatynyňam sebäbini pikirlenip başlady. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

syr bildirmek

seret syr

  • Ol näme-de bolsa syr bidirmediksirän bolup, tarsa ýerinden turdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

ynam bildirmek

seret ynam