bilbil

Zoologiýa Özüniň hoş owazly saýraýşy bilen tapawutlanýan çal ýa-da sary reňkli saýrak guşjagaz.

  • Ak gülleriň arasynda, Bilbiller her ýana towusýar. (Çary Aşyr, Poemalar)

  • Gözel eje penjiräni açyp, gür baglygyň içinde saýraýan bilbilleriň owazyny diňleýärdi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

bilbil ýaly saýramak

Ýakymly gürrüň etmek, nabyzly sözlemek, sakynman geplemek.

  • Bilbil kimin saýraýan dilleriň bardyr. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)