bil

[bi:l]

  1. Göwräniň arka tarapynda gapyrganyň gutaran ýeriniň töweregi, guşak ýeri, guşaklyk.

    • Ol özüniň ak guşagyny biline guşanyp, daga awa gidýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Aýsoltan, bilinden aşagynyň gabalygy giň köýnegiň içinde mälim bolup duran bir gyz. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Dil bilen orak orsaň, bil agyrmaz. (nakyl)

  2. Uzun zadyň ortasy, ortarasy.

    • Ol pürsüň bilinden kesip, deň iki böldüler. Ol tut agajynyň bili örän ýogyndy.

bil açylmak

Aýbaşy bolmak, aýbaşy görmek.

bil baglamak

Birine ýa-da bir zada ynanmak, birine ýa bir zada arkaýyn bolmak, ynam etmek, daýanmak.

  • Täleýe bil baglamak namardyň işidir. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

  • Meniň bil baglara hiç kimim ýokdy.

bil bermek

  1. Orta bilinden egrelmek, ýaý bermek, ýegşermek.

    • Jaýyň bil beren pürslerine aşakdan paýa urdular.

  2. Güýçden galmak, ejizlemek, garramak.

bil bükmek

Güýçden gaçmak, halys bolmak.

  • Ozalky daýhançylygyň agyr zähmeti bilimi bükdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

bil bükülmek

Güýçden galmak, tapdan düşmek, garramak, kuwwatsyzlanmak.

  • Şol wagt birden onuň gözüniň öňünde telpek basyp, bili bükülen Sähet aga peýda boldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

bil ýazmak

Ýadawlyk zerarly gerinmek, dynç almak.

  • Käte sen dynç alyp, biliň ýazaňda, Syratyň, söýgülim, doly görünýär. (A. Nyýazow, Şygyrlar)

  • Biziň epilen bilimizi ýazdy -- diýip, Aýgül üýtgeşik bir begenç bilen gürrüň berdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

biliňi guşamak

Gaýrata galmak, her bir işiň, zähmetiň garşysynda ykjam durmak.

  • Seň ugrunda bilim guşadym gaýym. (N. Pomma, Saýlanan eserler)