bikärlik

[bi:kärlik]

  1. Kärsizlik, işsizlik.

    • Onuň öýi bikärligini şatlykly geçirmäge döwtalap myhmanlardan doly bolardy. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

    • Ýaltalygy, tukatlygy, bikärligi taşladym. («Tokmak» žurnaly)

  2. Boşluk, bidereklik, ugursyzlyk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bikärlik - bikärligi.