bije

[bi:je]

  1. Bir jedeli çözmek, bir zadyň gezegini, düzgünini, tertibini, hukugyny kesgitlemek üçin çekilýän belgili çöp hem-de bir zada hukuk berýän ýa-da bir düzgüne boýun edýän şertli zatjagaz we ş. m.

    • Kim bilýär haýsynyň bijesi galar, Haýsynyň başyna düşjek gowgalar. (M. Seýidow, Gijeki Myhman)

    • Kimiň öňürti almalydygyna bije atyşaly. (A. Puşkin, Saýlanan eserler)

    • Bijeli oglan aglamaz. (nakyl)

  2. Paý, ülüş, bölek.

    • Çüýşegöz bolsa: -- Şonuň ikisi hem siziň brigadaňyzyň bijesine düşdi -- diýdi. (A. Gowşudow. eserler)

    • Meniň bijäme gaty gowy ýer düşdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)