bijaý1 sypat

[bi:ja:ý]

  1. Ýerliksiz, erbet, gelşiksiz (sözlemek, özüňi alyp barmak barada).

    • Begenç özüniň ýönekeý wäşi sözlerine-de ynam etmän: -- Men warsaky, bijaý sözler uraýdym öýdýän -- diýip, ejap edýän wagtlary hem bolýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Tekiz däl, amatly, oňaýly bolmadyk.

    • Düme meýdanlary taplanmadyk bijaý ýerler, ony suwaryp bormuka? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

bijaý2 sypat

[bi:ja:ý]

Örän, juda, gaty.

  • Seniň sag gaýdyp gelmekligiň meni bijaý guwandyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Biziň pikirimiz bijaý ýalňyş ekeni. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ýumşak kreslonyň üstünde şähdaçyk halda oturan Hümmet aga Georgini bijaý gadyrdan garşylap, öz ýanynda oturtdy. (N. Jumaýew, Ak derek)