bihabar

[bi:habar]

seret habarsyz

  • Aýnur eje özi hakyndaky bu bolan gürrüňlerden bihabar, traktoryň gürrüldisine üns berip, ot ýatyryp ýör. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Il meniň adymy bäş barmagy ýaly bilse-de, şäheriňize gelenimden bihabardyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

dünýäden bihabar

seret dünýä

  • Döwekçiler öz işleri bilen güýmenip, dünýäden bihabardylar. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)