[bi:haýa:lyk]
Bihaýa bolmaklyk, erbetligi ýüzüňe almazlyk, haýasyzlyk, utançsyzlyk, şermendelik.
Guwanç bihaýalyk bilen özüniň bu haramzadaçylyklaryny jenaýat hem hasaplamaýan ýaly boldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Bu nähili bihaýalyk?! (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem bihaýalyk - bihaýalygy.