[bi:derek]
Hiç zada ýaramaýan, dereksiz, netijesiz, peýdasyz, baş.
Biderek ýere pul sarp edesim gelenok diýipdir. (Myraly)
Bir okuň-a biderek gidendir, jigi! (J. Akyýew, Mergeniň ogly)
Ugursyz.
Asyl hiç kim bilen arasy saz däl, Hemişe görünýär biderek ýerde. (K. Gurbannepesow, Soldatyň ýüregi)
Biderek zat üçin tutup dawany, Maňa garşy öjükdirýär obany. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýok, ýok, biderek gürrüň, ygtyýar agada bolsa, munuň ganyny içer. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Sebäpsiz, nähak.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem biderek - bideregi.