[bi:ba:t]
Abat däl, sandan çykan, ulanylyşdan galan, döwlüp-ýenjilen, ýumrulan, bozulan.
Häzir onuň abat jaýyndan bibat jaýlary kändi, dumly-duşda ýykyk-ýumruk haraba bolup ýatan tamlar otyrdylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Sür döwrany, öýüň gözel hem abat, Tebigy beladan bolman dek bibat. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Göçme manyda Hojalygy, ykdysadyýeti pese düşen, yza galan.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem bibat - bibady.