bişmek işlik

  1. Nahar, owkat taýýar bolmak.

    • Pişme bişer, gaýnatma gaýnar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Palaw bişdi.

  2. Ýetişmek (miwe hakynda).

    • Oglan howlugar, tut wagtynda bişer.

  3. Gaty gyzmak, ýanyp barmak.

    • Günüň aşagynda gezmekden ýaňa arkam bişdi.

  4. Bir ýeriň gyzgyn zada.

    • Ýanmak. Süýtde agzy bişen, suwy üfläp içer. (nakyl)

    • Ýakma bişersiň, gazma düşersiň. (nakyl)

  5. Göçme manyda Gaýgy-gam çekmek, horluk görmek.

    • Kimler bu zulumda çürkendi, bişdi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  6. Göçme manyda Her bir kynçylyga döz gelip bilmek, çydamly bolmak.

    • Köp ýerlerde bolan, köp ýerde ygan, durmuş gazanynda bişen adamdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • bişdi
  • bişdigi
  • bişdigidir
  • bişdigiçe
  • bişdim
  • bişdiň
  • bişen
  • bişende
  • bişenden
  • bişendigini
  • bişendiklerini
  • bişendir
  • bişene
  • bişeninden
  • bişenini
  • bişenlere
  • bişenlik
  • bişensoň
  • bişer
  • bişerden
  • bişerine
  • bişersiň
  • bişip
  • bişipdi
  • bişipdir
  • bişipdirler
  • bişjek
  • bişme
  • bişmedik
  • bişmedimi
  • bişmegi
  • bişmeginden
  • bişmegine
  • bişmegini
  • bişmeginiň
  • bişmek
  • bişmekler
  • bişmeklik
  • bişmeli
  • bişmese
  • bişmezdi
  • bişmezinden
  • bişmezligi
  • bişmeýär
  • bişmeýärdi
  • bişmiş
  • bişmäge
  • bişmän
  • bişmändi
  • bişmändir
  • bişmäne
  • bişmänsoň
  • bişse
  • bişsem
  • bişseň
  • bişsin
  • bişýän
  • bişýändir
  • bişýänçä
  • bişýär
  • bişýärdi
  • bişýärler
  • bişýärsiň