biýara

[biýa:ra]

Botanika Gawun we garpyz ýaly bakja ekinleriniň pazyly.

  • Biri-birine tutuşyp giden göm-gök biýaralar dört-bäş ädim giňliginde gazylan joýalaryň arasyny tapyşdyryp barýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Gür biýaralaryň içinde goşa ýumruk ýaly terneler hem peýda boldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Murtlary al asmana azm urýan gawun biýaralary serlişip ýatyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)


Duş gelýän formalary
  • biýarada
  • biýaralar
  • biýaralary
  • biýaralaryna
  • biýaralaryň
  • biýaraly
  • biýaranyň
  • biýarasy
  • biýarasyndan
  • biýarasynyň