bezzat

[bezza:t]

Edep-tertibi bolmadyk, ýakymsyz, garagol, ynjalyksyz.

  • Bir bezzat urşagan adam bolupdyr. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Näme diýerler öýdýäň, bezzat adam eken diýerler-dä! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bezzat - bezzady.


Duş gelýän formalary
  • bezzada
  • bezzadyň
  • bezzatdan
  • bezzatdy
  • bezzatlar
  • bezzatlary
  • bezzatlarynyň
  • bezzatlaryň
  • bezzatlygyny
  • bezzatlyk