bezeg at

  1. Dürli şaý-sep, owadanlyk üçin goýulýan zatlar, nagyş.

  2. Owadan görnüş, gelşik, görk, zynat.

    • Bu gyzyň ýüzünde emeli bezegden hiçbir nyşana ýokdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Çep ýaňaga bezeg berýärdi haly, inçe, sagdyn katdy guýlan ýaly. Dürli haly bezeg berýär jaýyňa, Beýle bagt nirden düşdi paýyňa. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Göçme manyda At-abraý, guwanç.

    • Babam, sen dünýäniň bezegi bolduň! («Sowet edebiýaty» žurnaly)