betnam bet‧nam

[betna:m]

Könelişen söz Ýaman atly, masgara, wejera.

  • Işan, hojalar meni halk arasynda betnam hem edýärler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol, iliň-günüň içinde dile düşdi, betnam boldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Aýtsaňyz-la, indi men şeýle betnam bolup galybermeli bolarynmy? («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • betnamlyk