bet1

  1. Ýaman, erbet, pis, hyrsyz.

    • Ýelli gaty bet adam, ol tüýs garaýürek. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Getiripsiň gös-göni meni bet hyýal bilen. (M. Seýidow, Gijeki myhman)

  2. Ýakymsyz, garagol, guduz, tertipsiz (adama, gylyk-häsiýete we ş. m. degişli).

    • Ol goýup bilmedi bet gylygyny, Öňden endik eden ýaltalygyny. (D. Baýmyradow, Söýgi we mekirlik)

bet2

Köplenç sözüň öňünden goşulyp, ýokluk many berýän goşulma.

  • Betniýetliligiň haýran edýän alamatly. (Şekspir, Otello)