beslenmek işlik

  1. Owadan görnüşe girmek, bezenmek, geýinmek, şaýlanmak.

    • Al-asmanda beslenip, älemgoşar göründi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Sansyz gozalar bilen beslenen göm-gök gowaçalar berlen sözüň artygy bilen ýerine ýetiriljekdigine şaýatlyk edýär. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  2. Ýetişdirilmek, terbiýelenmek, ulaldylmak.