bermek işlik

  1. Birine bir zat gowşurmak, tabşyrmak.

    • Doktoryň beren dermanynama içmänsiň! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • «Ýatana berseň-maňa ber! -- diýip, ýene kellesini ýassyga goýdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Berenden al, urandan gaç. (nakyl)

    • Sorap berenden, urup ber. (nakyl)

  2. Tabşyrmak (ekzamen hakda).

    • Studentler fizikadan ekzaman berdiler.

  3. Kömekçi işlik funksiýasynda ysnyşyp gelýän isimleriniň manysy bilen baglanyşykly hereket aňladýar.

    • Gürrüň bermek, sorag bermek, azar bermek ş. m.