berkitmek işlik

  1. Mäkäm, berk bolmagyny gazanmak, gataltmak.

  2. Pugtalamak, mäkämlemek, baglap daňmak. Relsi şalmana berkitmek.

    • Simiň bir ujuny stola berkitmek.

  3. Kuwwatly etmek, durnukly etmek, güýçlendirmek.

  4. Gözegçilik etmek üçin birine tabşyrmak, ýolbaşçylyk etmek üçin biriniň garamagyna bermek.

    • Ony iki aý dowamynda oňat işleýänleriň birine berkitdiler.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem berkitmek - berkidýär, berkider, berkidipdir.