berkemek işlik

  1. Gaty bolmak, gatamak, bekemek.

    • Odun döwmekden, kartoşka artmakdan, gazan, gap-gaç ýuwmakdan berkän elleriň ýanynda Şemsiýäniň eli göýä pamyk içinde saklanan ýalydy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  2. Berk bolmak, durnukly bolmak, pugta bolmak.

    • Gurban jogap berdi bakyp şadyýan -- Dostlugymyz barha berkär arada. («Sowet edebiýaty» žurnaly)