Goýberilmek, satylmak.
Dükanda her hili zatlar berilýär.
Birine bir zat bagyş edilmek, gowşurylmak.
Birine ýa-da bir zada özüň göwnüňi bermek, şonuň erk-ygtyýaryna geçmek.
Surkowyň bar ünsi ýaşajyk sosnajyklara berlipdi. («Mydam taýýar» gazeti)
Garry bolsa jonnuk küýzesine güýmenip, Artygyň sözüne berilmek bilen guýynyň özüne mesgen edindi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem berilmek - berler, berlipdir.
Ömri uzak bolsun, ölmesin (çaga bolanda aýdylýar).