bergi at

Karz alnyp gaýtarylyp berilmeli pul ýa zat, tölenmeli bolan borç.

  • Sen hökümete geljek ýylky bergiňi beripsiň; eger gyssansaň, ondan karz hem alyp bilersiň. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Seni aljak bolanymda, berginiň aşagynda gömlüp galypdym. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Bergiň müňe ýetse, ýumurtga börek iý. (nakyl)

bergä batmak

Köp bergili bolmak.

bergiden çykmak

Karz alan borjuny üzmek.


Duş gelýän formalary
  • bergi-de
  • bergide
  • bergiden
  • bergidir
  • bergilem
  • bergiler
  • bergilerde
  • bergilerden
  • bergilerdir
  • bergilere
  • bergileri
  • bergilerimem
  • bergilerimiz
  • bergilerinde
  • bergilerine
  • bergilerini
  • bergileriniň
  • bergileriň
  • bergileriňem
  • bergileriňi
  • bergili
  • bergilidir
  • bergililer
  • bergilileriň
  • bergililiginiň
  • bergililigiň
  • bergililik
  • bergilim
  • bergilini
  • bergilisiniň
  • bergiliňe
  • bergim
  • bergimden
  • bergimi
  • bergimiz
  • bergimiň
  • bergini
  • berginiň
  • bergisi
  • bergisinden
  • bergisine
  • bergisini
  • bergisiniň
  • bergisiz
  • bergisizi
  • bergiň
  • bergiňi
  • bergiňiz
  • bergiňiziň
  • bergä