bereket at

  1. Bol önüm, köp hasyl.

    • Hereketde-bereket. (nakyl)

  2. Dokluk, bolluk, hümmet.

    • Seniň toýnagyň degen ýerinde, bereket hem bolmaz. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Biziň iki stakan içenimiz bilen bu öýüň berekedi gaçasy ýok. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bereket - berekedi.