bent1

Edebiýat termini Goşguda: Sazlaşykly gelýän belli bir setirleriň toplumy, strofa.

  • Diňle bir bentden ybarat bolan «Söýgülime» diýen goşgyny okap göreliň!

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bent - bendim, bendiň.

bent2

  1. Derýalarda, kanallarda suwuň derejesini ýokary galdyrmak we bölüşdirmek üçin gurulýan gidrotehniki gurluşyk.

    • Bent gurmak üçin ýedi ýarym million riýal goýbermäge kim saňna ygtyýar berdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  2. Böwet, päsgel, kynçylyk.

    • Siz meniň öňüme bent gurjak bolýarsyňyz. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

    • Duşmanlar öňünde bent almasyn, tabşyran zatlaryňy aýdyşyň ýaly ederin, gelinçäň jaýyňy abat saklaryn, bagyny har etmen -- diýip, Wepany ugradypdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bent - bendim, bendiň.

bent bolmak

Daňylmak, baglanmak.

  • Bent bolan zynjyrly gollar açylýar. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

bent etmek

Daňmak, baglamak, beklemek.

  • Gyratyň bent eder ýoluň, Garamarsyň sagy-soluň. («Görogly» eposy)

  • Bara-bara, aýajygym bent etdi, Gerdenime pelek urdy neşäni. (Mollamurt, Saýlanan eserler)