bellenmek işlik

  1. Bir zadyň ýüzüne bellik edilmek, nyşan goýulmak, alamatlanmak.

  2. Režimi goýulmak girizilmek, takyklanmak, kanunlaşdyrmak, düzgünleşdirmek.

    • Izmail şäheriniň sebitinde hem şeýle zawod gurmaklyk bellendi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  3. Wezipä işe goýulmak.

    • Sekiz adamdan ybarat döwekçiler brigadasy düzülip, brigadanyň ýolbaşçysy hem Sähet bellendi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  4. Bir üstünlikli, dabaraly waka ýatlanmak, görkezilmek.

    • Beýik şahyr Magtymgulynyň 225 ýyllyk ýubileýi bellendi.

  5. Özüňi tanatmak, ile mälim bolmak.

    • O uly ile bellenipdir.

  6. Üns berilmek, ýagtyldyp görkezilmek.