belgi bel‧gi

  1. Bir zady alamatlandyrýan nyşan, bellik, alamat.

    • Oglunyň ýakasynda kiçi komandirlik belgisi bar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Goçmyradyň ýüzündäki gülümsiremek belgileri aýryldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Kapitan-da onuň kartasyndaky belgileri özüniňki bilen deňeşdirdi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  2. Okuwçylaryň, studentleriň bilim alyş, ony özleşdiriş derejesine berilýän baha.

    • Oňat belgiler alyp, özüňe gep getirme. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

    • Biz okaýan kursumyzy oňat belgiler bilen gutardyk. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  3. Grammatik termin Punktuasiýa degişli alamat.

    • Ýazuwda sorag sözlemini yzyna sorag belgisi (?) goýulýar.


Duş gelýän formalary
  • belgide
  • belgiden
  • belgidi
  • belgidir
  • belgidäki
  • belgiler
  • belgilerden
  • belgilerdir
  • belgilere
  • belgileri
  • belgileri-de
  • belgileridir
  • belgilerinde
  • belgilerinden
  • belgilerine
  • belgilerinem
  • belgilerini
  • belgileriniň
  • belgileriň
  • belgileýin
  • belgili
  • belgilisi
  • belgim
  • belgimiz
  • belgini
  • belginiň
  • belgisi
  • belgisinde
  • belgisinden
  • belgisine
  • belgisinem
  • belgisini
  • belgisiniň
  • belgisiz
  • belgä