belet

Birini, bir ýeri, zady ýa-da bir wakany, ýagdaýy gowy bilýän, tanaýan.

  • Ýola belet garry at guýrugyny şuwwuldadyp, göni şol aýryda tutdurdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Wepa özleri bilen bir klasda okaýan gyzlaryň hemmesiniň hatyna beletdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem belet - beledi.