Beýik, ýokary.
Iwan Timofeýewiç belent ýere çykyp, töweregine nazar saldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Indi göz aýlasak ol ýatan çöle, Belent ymaratly gözel şäher bar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Bir bar eken, bir ýok eken, bir belent dagyň gaýasynda bir garga özüne höwürtge ýasap ýaşaýar eken. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Dabaraly, abraýly.
Ýaşasyn biziň belent maksadymyz. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Mertebesi belent adam. Belent ada mynasyp bolmak.
Örän ähmiýetli, möhüm, güýçli.
Ýokary, inçe, gaty (ses).
Birdenkä radionyň belent owazy ýaňlandy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Sözlemde soragy aňladýan söz belent heň bilen ýaňlanýar.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem belent - belendi.