bejertmek işlik

  1. Bejergi işini geçirtmek, ýeri, ekin meýdanyny ekişe taýýarlatmak.

  2. Gaýma etdirmek, nagyş saldyrmak, keşdeletmek.

  3. Bir zady düzetdirmek, oňartmak, timarlatmak.

  4. Syrkawy sagaltmak üçin wraça seretdirmek, kesele em etdirmek.

    • Lermontow sürgüne barýarka, ýolda, Pýatigorskde keselini bejertmäge gelen Belinskiý bilen hem tanyşýar. («Edebiýat»)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bejertmek - bejerdýär, bejerder, bejerdipdir.