bejermek işlik

  1. Ýeri, ekin meýdanyny sürüp, suwaryp ekişe taýýarlamak, bejergi işini geçirmek.

    • Gowaçany bejermek, dökünlemek ýaly möhüm çäreler hem ýüz prosent bolupdyr. («Tokmak» žurnaly)

    • Ol bir bölejik ýeri ekmek üçin bejermäge synanyşýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Bezeg salmak, keşdelemek, nagyşlamak.

    • Kürte bejermek.

  3. Remont etmek, düzetmek, tikmek, ýamamak.

    • Bejerdik, ýagladyk -- diýende ussaň, Berekella! -- diýip, berýär jogabyn. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Sapançany bejermäge beripdim. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

    • Ussa, sagady bejereňde, her gün gelip durmaly etme. («Tokmak» žurnaly)

  4. Gözegçilik etmek, ideg etmek, idetmek.

    • Näme üçin biz bu atlary bakyp, bejerip boş ýatýarys. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  5. Syrkawy gurat etmek, keselden halas etmek, sagaltmak.

    • Trahoma keselli çagalaryň keselini bejermek işini dogry guramagyň aýratyn möhüm ähmiýeti bar. (S. K. Karanow, Howply Göz Agyry Keseli we Olaryň Öňüni Almagyň Çäreleri)

    • Lukman syrkawy bejerdi.

gaş bejerjek bolup, göz çykarmak

seret gaş