bejerilmek işlik

  1. Işläp taýýarlanylmak, bejergi işleri geçirilmek, ekine, ekin meýdanyna garaşyk edilmek.

    • Bu ýyl üzümimiz ýagşy getirdi, heniz hem bejerilişine meniň göwnüm ýetenok. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Nagyş salynmak, bezeg salynmak, keşdelenmek.

    • Onuň egninde ýakasy bejerilen ak köýnegi, ok balagy we täze ädigi bardy. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

  3. Keselden halas edilmek, sagaldylmak.

    • Merezel keseli düýpli bejerilýär. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

    • Şikesli gözleri bejerilýär. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

    • Şikesli gözleri bejerildi tiz, Hünärli wraçlar açdy gözüni. (A. Haýydow, Gök Asman)

  4. Remont edilmek, tikilmek, ýasalmak, düzeldilmek.

  5. Tertibe salynmak, tijelmek.