bejergi

  1. Ýeri işläp taýýarlamaklyk, ekine, ekin meýdanyna edilýän garaşyk.

    • Bejergä garaşýar ýerimiz biziň, Bilimizi guşap taýýar bolalyň. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Bejergisi kemsiz ýetse, her düýp gowaçamyz bir goýnuň ýüňüçe pagta berer. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Tertibe salmaklyk, tijemeklik.

  3. Keşde, gaýma.

    • Bejergi salnan kürte.