behişt

[behi:şt]

  1. Dini-mifiki düşünjä görä, günä etmän ölen adamlaryň ruhunyň ol dünýäde eşretli ýaşaýan ýeri, jennet.

  2. Göçme manyda Gowy ýer, tebigaty baý ýer, eşretli ýer.

    • Beýle diýmäň, Azerbaýjan gözel ýer, bu ýeri çyn behiştdir. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem behişt - behişdi.