begenmek işlik

Bir zatdan göwnüň hoş bolmak, şat bolmak, guwanmak.

  • Wepa seržantyň şu sözüni eşiden wagty göýä öz dogan-garyndaşyny gören ýaly boldy, begendi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Adamzat bir-ä begenende gep tapmaz, bir-de gynananda. («Görogly» eposy)

  • Aknabat eje begenip gitdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)