begenç at

Şatlyk, guwanç.

  • Şatlykdan, begençden, ýaşlykdan ötüp, Siz nämüçin beýle hala düşdüňiz? (G. Ezizow, Saýlanan eserler)

  • Batyr aga hem gynançly, hem begençli, murtlak dodaklaryny müňküldedip, aglap diňen çagajyk ýaly, adynyň Batyrdygyny zordan aýtdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem begenç - begenji.