beden

Adam ýa-da haýwan organizminiň daş görnüşiniň formasy, organizm, endam.

  • Jeňňel tarapdan dowam eden garaşylmadyk geň galdyryjy ses onuň depe saçlaryny üýşürdi, diňe onuň düwlen ýumrugy däl, belki, onuň demir ýaly berk bedenini hem pagyş-para gowşatdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Onuň berdaşly bedeninde, ýanyp duran gara gözlerinde gujurlylyk duýulýardy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

beden jezasy

Endama şikes ýetirmek, urmak bilen berilýän jeza.