bede

Mal iýmiti üçin guradylyp taýýarlanylan ot, ýorunja.

  • Tohum atlarymyza we beýleki ýabylarymyza ýeterlik bede bolsa bolýar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Häzir biziň kolhozymyzda taýýarlanan siloslary, bedeleri we iýmlik däneleri bir görsediňiz. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Ýandagy bassaň, küde bolar, bedäni bassaň pide. (nakyl)