beýni

  1. Adamlaryň, haýwanlaryň kellesinde ýerleşýän goýy massa görnüşli merkezi nerw sistemasynyň organy.

    • Pikirlenme-bu ýokary guralan materiýanyň önümidir; hut beýniniň önümidir. (S. N. Winogradow, A. F. Kuzmin, Logika)

  2. Göçme manyda Aň-düşünje, akyl.

    • Ol gyzgalaň arasynda beýnisine giren dürli oýlary durlap geçirip bilmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

beýni çanak

Kelle beýnisiniň daşyndaky gaty süňk.

beýnisi bekemek

Aň-düşünjesi, akylly ösmek.

  • Emma beýnisi bekän ýerinde tapan gylyk-häsiýetleriniň agramy onda saklanypdyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

beýnisi boş

Ýeňilkelle, akylsyz.

  • Özi ýaş, beýnisi boş. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

beýnisi çaýkanmak

Beýnisi sarsmak, akylyna şikes ýetmek, beýnisi üýtgemek.

beýnisi ýuka

Akyly az, kemakyl.

  • Beýnisi ýukarak birini tapaýyn. («Görogly» eposy)


Duş gelýän formalary
  • beýnem
  • beýni-de
  • beýnide
  • beýniden
  • beýnidigini
  • beýnidir
  • beýnidäki
  • beýniler-de
  • beýnileri
  • beýnilerinde
  • beýnilerine
  • beýnilerini
  • beýnili
  • beýniliň
  • beýnim
  • beýnimde
  • beýnimden
  • beýnimdäki
  • beýnime
  • beýnimem
  • beýnimi
  • beýnimiz
  • beýnimizde
  • beýnimize
  • beýnimiň
  • beýnini
  • beýniniň
  • beýnisi
  • beýnisin
  • beýnisinde
  • beýnisindedi
  • beýnisinden
  • beýnisindäki
  • beýnisine
  • beýnisini
  • beýnisiniň
  • beýnisiniňmi
  • beýnisiz
  • beýnisizler
  • beýniň
  • beýniňde
  • beýniňden
  • beýniňe
  • beýniňi
  • beýniňiz
  • beýniňizde
  • beýniňize
  • beýniňizi
  • beýniňiziň
  • beýnä