beýik sypat

  1. Aşakdan ýokaryk uzalyp giden, ýokary göterilip duran, belent.

    • Maşynymyz bir beýige çykyp, bir pese düşüp, oýluk meýdanyň kesesinden girdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Bular şol gidip baryşlaryna, öňlerinden bir beýik depe çykan. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

  2. Ähmiýeti ägirt uly bolan, abraýly, görnükli.

    • Taryhyň bezegi, eý beýik ynsan, Guwanýar adyňa zähmet dünýäsi. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem beýik - beýigi.


Duş gelýän formalary
  • beýige
  • beýigem
  • beýigi
  • beýigidir
  • beýigimiz
  • beýigimizi
  • beýigimiziň
  • beýiginiň
  • beýigiň
  • beýigräk
  • beýigräkde
  • beýigräkdir
  • beýikde
  • beýikdedi
  • beýikdedir
  • beýikden
  • beýikdi
  • beýikdigine
  • beýikdigini
  • beýikdir
  • beýikdirler
  • beýikdäki
  • beýikler
  • beýiklerde
  • beýiklerdenem
  • beýiklere
  • beýiklerem
  • beýikleri
  • beýiklerinden
  • beýiklerine
  • beýiklerini
  • beýikleriniň
  • beýikleriň
  • beýikli
  • beýiklige
  • beýikligem
  • beýikligi
  • beýikligim
  • beýikliginde
  • beýikliginden
  • beýikligine
  • beýikligini
  • beýikliginiň
  • beýikligiň
  • beýiklik
  • beýiklikde
  • beýiklikdedi
  • beýiklikdedir
  • beýiklikden
  • beýiklikdi
  • beýikliler
  • beýiklilik