beýhuş

[beýhu:ş]

Özünden giden, huşsuz galan, huşsuz.

  • O ys Nursoltany beýhuş etdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Ony agaja baglap, tä beýhuş bolynça urup, soňra ýola salypdyrlar. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Aýnanyň müşk ýaly kükeýän ysy Artygy beýhuş etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem beýhuş - beýhuşum, beýhuşuň.


Duş gelýän formalary
  • beýhuşly